Önümleri ýerlemek dört ugur boýunça alnyp barylýar:
Hususylaşdyrmagyň netijesinde "Hazar Balyk" AGPJ, “Türkmen Balyk” Söwda öýüni satyn aldy. Indi ol “Hazar Balyk” söwda nyşany bilen işleýär we birnäçe wezipäni ýerine ýetirýär:
Söwda öýüniň iň möhüm üstünligi diýlip "Hazar Balyk" AGPJ-niň önüm satuwlarynyň şeýle derejä çenli ýokarlanmagy ykrar edilip bilner, ýagny: eger-de ozal önümçilik, ýerlenip bilnen önümiň mukdaryna bagly bolan bolsa, indi satuw üçin jogapkärler önümçiligiň olara haýsy önümleri näçe möçberde üpjün edip biljekdigine baglylykda hereket etmäge mejburdyrlar.
Türkmenistanyň welaýatlary boýunça satuw nokatlarynda satuw, distribýutor hyzmatdaşlary tarapyndan amala aşyrylýar.
2019-njy ýylda Aşgabatda balyk ýapmalarynyň (konserwalarynyň), preserwalarynyň we beýleki balyk önümleriniň bölek satuw nokatlaryna eltip bermegini üpjün edýän "Hazar Balyk" önüm distribýusiýasy topary döredildi.
Kompaniýanyň işleýişini üpjün etmek üçin iň möhümi bolan, kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň jogapkärçiligindäki eksport işidir. Eksportyň ösüşine strategiki hyzmatdaş - türk kompaniýasy goldaw berýär. Eksportyň umumy mukdary satuwyň umumy mukdarynyň 29,5% -ini emele getirdi.
2019-njy ýylda 3 ýurda eksport amala aşyryldy: Täjigistan, Özbegistan, Azerbaýjan.